TÝL - 2021: "Köpetdag" bilen "Ahal" deňme-deň oýnady

TÝL - 2021: "Köpetdag" bilen "Ahal" deňme-deň oýnady

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda “Köpetdag” topary “Ahaly” kabul etdi. Bu duşuşykda toparlaryň hersi bir gezek tapawutlanmagy başardylar.

“Köpetdagyň” oýunçysy Begenç Akmämmedowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren topuna “Ahal” Elman Tagaýewiň netijeli urgusy bilen jogap berdi.

Ýeri gelende bellesek, düýn çempionatyň açylyş oýny geçirilip, onda “Aşgabat” bilen “Altyn Asyr” toparlary güýç synanyşdylar. “Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Altyn Asyr” 3:1 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji hem-de 26-njy oktýabrda geçiriler.

Birinji tapgyryň çäginde 25-nji oktýabrda geçiriljek duşuşyklarda “Altyn Asyr” “Energetik”, “Ahal” “Nebitçi” hem-de “Şagadam” “Merw” toparlary güýç synanyşarlar. 26-njy oktýabrda bolsa “Köpetdag” bilen “Aşgabat” toparlary duşuşarlar.

5-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynyň netijesi:

“Köpetdag” “Ahal” 1:1

Gollar: 11 Begenç Akmämmedow (11 m.j.u.) (“Köpetdag”) 17 Elman Tagaýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 65 Öwezbaý Muhammetmyradow, 90 Şiri Annaýew (“Köpetdag”) 10 Öwezmyrat Öwezmyradow, 24 Abdy Bäşimow, 61 Ybraýym Mämmedow, 82 Didar Durdyýew (“Ahal”)

Meýdandan çykarylanlar: 88 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”) 88 Gurbanguly Aşyrow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Gurbanow (Aşgabat ş.), B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy