25 ýaşly futbolçy Bäşim Gurbanberdiýew paýtagtyň Köpetdag futbol toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Geçen möwsümi Aşgabat futbol toparynyň düzüminde geçiren Bäşim Gurbanberdiýew bäş duşuşykda düzümde görkezildi. Ol şolaryň birini ätiýaçlyk oturgyjynda geçirip, dört duşuşykda ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan, bir duşuşykda bolsa esasy düzümde meýdana çykdy. Şol duşuşyklarda 128 minut meýdanda boldy. Bir gezek sary kart gördi.
Köpedagyň ozalky hüjümçisi Öwezbaý Muhammetmyradowy hem gaýtadan düzümine goşandygyny habar beripdik.