TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň taryhynda ilkinji ýedilige girdi

TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň taryhynda ilkinji ýedilige girdi

Karýerasynda mundan ozal bir möwsümde 22 pökgi geçirip gören futbolçy Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň taryhynda hem bir möwsümde iň kän pökgi geçirenleriň arasynda edil häzir 7-nji orunda.

Ýeri gelende aýtsak,

1992-nji ýylda Sergeý Kazankow (TSHT), 1995-nji ýylda Rejepmyrat Agabaýew (Nisa) ― 41,

2001-nji ýylda Didargylyç Urazow (Nisa) ― 32,

2015-nji ýylda Myrat Ýagşyýew (Nebitçi) ― 31,

2005-nji ýylda Berdi Şamyradow (HTTU), 2016-njy ýylda Süleýman Muhadow (Altyn asyr) ― 30,

1998-nji ýylda ýene-de Rejepmyrat Agabaýew (Nisa), 2014-nji ýylda Mämmedaly Karadanow (Şagadam) we 2017-nji ýylda Myrat Ýagşyýew (Altyn asyr) ― 28,

2013-nji ýylda Mämmedaly Karadanow (Nebitçi) ― 26 pökgi geçirip, möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldular. Altymyrat Annadurdyýew bolsa ýedinji orny 1993-nji ýylyň iň netijeli futbolçy Berdimyrat Nurmyradow (Köpetdag) bilen paýlaşýar. Öňde ýene alty tapgyr bar. Belki, hüjümçi has ýokarky basgançaklaryň birine çykyp biler.

Ýokary liganyň yzda galan 22 tapgyryndan soňra Altymyrat Annadurdyýewiň 25 golunyň bardygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2020: 22-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2020: 24-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi
TÝL ― 2020: 26-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew çempionatyň taryhynda ikinji orna geçdi