
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýakynda tamamlanan möwsüminde jemi 7 futbolçy 8 gezek 11 metrlik jerime urgularyndan dürs peýdalanyp bilmedi. Muny başarmadyk futbolçylaryň arasynda möwsümiň iň netijeli oýunçylary Altymyrat Annadurdyýew (Altyn asyr, 1-nji tapgyr) bilen Elman Tagaýewiň (Ahal, 10-njy tapgyr) hem bolmagy has gyzyklydyr.
Ýedi futbolçynyň dördüsiniň Köpetdaga wekilçilik etmegi hem ünsi çekerlik ýagdaý. Topardan Şiri Annaýew 7-nji, Ýazgylyç Gurbanow bilen Döwletmyrat Seýitmuhammedow 12-nji, Serdar Baýramow bolsa 17-nji tapgyrda jerime urgularyndan dürs peýdalanyp bilmediler.
Möwsümde şeýle şowsuzlyga iki gezek uçran ýeke-täk futbolçy bolsa Nebitçiden Aşyrgeldi Ylýasowdyr. Ol 8-nji we 16-njy tapgyrlarda boýun alan jerime urgularyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.