Tutuşlygyna sensorly

“BlackBerry” mobil telefonlarynyň taslamasyny, öndürilişini we ýerlenilmegini öz üstüne alan TCL şereketi täze “BlackBerry Motion” ykjam telefonyny küpçülige hödürledi.Bu enjam “Qualcom”-yň sekiz ýadroly “Snapdragon 625” prosessory, “Adreno 506” diagramma mikroprosessory we 4 GB RAM-y bilen tapawutlanýar.

Suw geçirmezden 1,5 metr çuňlukda 30 minut işläp bilýän “BlackBerry Motion”-yň ýady 32 GB-dan ybarat.Onuň MicroSD bilen ýadyny artdyrmaga mümkinçiligi bar.Enjamyň ýüzünde 8 megapiksel, arkasynda bolsa, 12 megapiksellik kamera ýerleşdirilen.

Ol 4.000 mAh göwrümi bilen “Quick Charge 3.0” tiz zarýadlanma aýratynlygy bilen 40 minutda 50% dolýar.Barmak yzyndan tanamak ukybyna eýe “BlackBerry Motion”-a alýumin gabarasy aýratyn owadanlyk berýär. “Android 7.1” prosessorly Full HD durulykda 5,5 dýuýmlyk ekranly bu ykjam telefonyň 460 dollar bahadan satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Täze film
Gibrid we elektroulag satuwy artýar
Global elektroulag satuwy artyşyny dowam etdirer
GARAKÇYLAR GAÝDYP GELÝÄR
“Ar alyjylar: müdimilik urşy” (Avengers: Infinity War)
Täze kinolar