Aşgabadyň polisiýasy belli bir ýaşaýan ýeri bolmadyk, alkogol we neşe maddalaryna garaşlylykdan ejir çekýän adamlary tutup-saklamagyň täze aksiýasyna başlady.
Köpgatly jaýlaryň ýerzeminleri we üçekleri barlanylýar, öý-öwzarsyzlar adatça şu hili ýerlerde bukulyp mydar edýärler.
Polisiýa işgärleri ten satmak bilen meşgullanýan aýallary hem tutýar.
Tutulyp-saklananlaryň ählisini Daşoguzdaky narkologiýa dispanserine iberýärler. Adatça olary bu ýerde 1-2 aý saklaýarlar, emma häzir, TH-nyň çeşmeleriniň habar bermeklerine görä, olary bur ýerde sentýabr aýynyň aýagyna çenli, Azida tamam bolýança saklarlar.
Şol bir wagtda, Azatlyk radiosynyň maglumatyna görä, Aşgabatda ýönekeý, pukararak geýnen adamlary hem tutýarlar. Eger olaryň Aşgabada ýazgysy, propiskasy bolmasa, jerime salýarlar we öz gelen regionlaryna ugradýarlar.
Türkmenistanyň hronikasy ozal bu hili adamlaryň polisiýa uçastokalrynda, narkologiki dispanserlerde we LTP-lerde adamkarçiliksiz şertlerde saklanyşy barada habar beripdi.