Tutanhamonyň batyrgaý söweşiji bolandygy anyklandy

Beýik britaniýaly müsürşynaslar ady rowaýata öwrülen faraon Tutanhamonyň gowşak we keselbent bolandygy baradaky çaklamany ýalana çykardylar. Geçirilen barlaglarda onuň batyrgaý söweşjeň esger bolandygy anyklanyldy. Bilermenler Tutanhamonyň maýypdygy, şeýle-de onuň dabanynyň çaýşyk bolandygy barada 2010-njy ýylda öňe sürlen ylmy netijäni tassyklaýan hiç hili subutnamanyň ýokdugyny belleýärler.

Müsürşynas Sofiýa Aziz Tutanhamonyň dabanynyň çaýşyk bolandygy baradaky çaklamalary kabul etmeýär. Üstesine-de Tutanhamonyň aramgähinden tapylan köpsanly taýaklaryň onuň hasasy däl-de, patyşalyk mertebesini subut edýän alamatlardygy bellenilýär.

Şeýle hem alymlar Tutanhamonyň harby söweşlere gatnaşandygyny, batyrgaý serkerde bolandygyny nygtaýarlar. Muny onuň aramgähinden tapylan harby eşiklerdir, dürli ýaraglar subut edýär diýip, “Daily Mail” neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ýalňyzlygyň saglyk üçin howpludygy anyklandy
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Britaniýa bir gijede 35 müň ýyldyrym düşdi
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar