TUSAŞ-a Hüjüm Guran Terrorçylardan Biriniň Şahsyýeti Anyklandy

TUSAŞ-a Hüjüm Guran Terrorçylardan Biriniň Şahsyýeti Anyklandy

Paýtagt Ankarada Türk Awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ-a hüjüm guran terrorçylardan biriniň ekstremist terror guramasy PKK-a agzadygy anyklandy.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, TUSAŞ-yň Kahramankazandaky merkezine guralan terrorçylykly hüjümde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçynyň, terror guramasy PKK-nyň agzasy “Rožger” lakamly Ali Örekdiginiň anyklanandygyny mälim etdi.

Ministr Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda “Düýn TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümde täsirsiz ýagdaýa getirlen erkek terrorçynyň şahsyýeti anyklandy. Dönügiň terror guramasy PKK-nyň agzasy “Rožger” lakamly Ali Örekdigi anyklandy. Zenan terrorçynyň şahsyýetiniň anyklanylmagy baradaky işler dowam edýär. Şehitlerimize ýene-de bir gezek Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýärin. Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder”diýdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Katar Manbiçde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Yragyň Demirgazygynda 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi