Türkiýäniň ýerli sanjymy Turkowak-yň 3-nji tapgyr synaglary tamamlanyp barýar. Takmynan 1500 meýletin adamyň üstünde geçirilen synaglarda häzirki wagta çenli hiç hili zyýanly täsir hasaba alynmady.
Türkiýäniň ýerli sanjymy Turkowak-yň kliniki synaglary dowam edýär.
Gyssagly ulanylmagyna ýüz tutuljak tapgyra gelen sanjymyň öňümizdäki aýlarda dowamly önümçiligine geçilmegine garaşylýar.
Meýletin Ýasin Akpynar, ýerli sanjym bolanlygy sebäpli Turkowak-y saýlandygyny belläp: "Birinji doza sanjymda hiç hili zyýanly täsiri görmedim. Şol sebäpli 2-nji doza sanjymymy hem etdirdim. Bütin halka ýüzlenýärin. Arkaýyn Turkowak sanjymny etdirip bilersiňiz" diýip habar berdi.
Kaýseri Şäher hassahanasynda Ýokanç keseller bölüminiň Kliniki mikrobiologiýa boýunça hünärmeni Dr. Aýşin Kylynç Toker hem 1500 meýletin adama sanjym edendiklerini mälim etdi.
Toker: "Merkezler Stambul, Ankara we Kaýseri şäherlerinde bar. Häzirki wagtda Erjiýes uniwersitedi we Kaýseri şäher hassahanasy bilen birlikde jemi 5 aýry ýerde işlerimizi dowam etdirýäris. Meýletinlere 28 gün arakesme bilen jemi 2 doza sanjym edýäris. Ikinji dozalary etmäge başlan meýletinlerimizde häzirki wagta çenli 1-nji we 2-nji doza sanjymlarda hiç hili zyýanly täsir hasaba alynmady" diýip habar berdi.