ТУРКМЕНСКАЯ ДЕЛЕГАЦИЯ ПРИНЯЛА УЧАСТИЕ В РАБОТЕ X НЕВСКОГО МЕЖДУНАРОДНОГО ЭКОЛОГИЧЕСКОГО КОНГРЕССА

ТУРКМЕНСКАЯ ДЕЛЕГАЦИЯ ПРИНЯЛА УЧАСТИЕ В РАБОТЕ X НЕВСКОГО МЕЖДУНАРОДНОГО ЭКОЛОГИЧЕСКОГО КОНГРЕССА

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Sankt-Peterburg şäherinde onunjy Newa halkara ekologiýa kongresi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.A.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetiniň baştutany plenar mejlisindäki çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň daşky gurşawy goramakdan we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdygy barada belledi.

Amatly daşky gurşawy üpjün etmek, ýaşyl we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleri ornaşdyrmak barada nygtaldy. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi wagyz etmek we ýaş nesilleri ekologiýa taýdan terbiýelemek boýunça uly tagallalaryň amala aşyrylýandygy barada bellendi.

Ekologiýa we durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalary barada beýan edildi.Bu ugurda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň halkara ekologiýa gün tertibini ýola goýmaga gönükdirilen başlangyçlary uly orny eýeleýär.

Türkmenistanyň tebigaty goramak ugrunda BMG-nyň birnäçe esasy konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygy, ugurdaş halkara guramalaryň çäklerinde uly işleri alyp barýandygy, sebit derejesinde, şol sanda bäş sany hazarýaka döwletleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk edýändigi barada nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Güýzki köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär
Yupekchi-den Softea: islendik oturlyşyk üçin iň amatly içgiler
Türkmenistanda kofe öndürýän öňdebaryjy kärhana açyldy
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
Gazak alymy 10 ýyllap hazar düwlenlerini goramak ugrunda göreşýär
Türkmenistanly mekdep okuwçylary we talyplary Russiýada geçiriljek halkara bäsleşige çagyrylýar