Düýn Parižiň PSŽ kluby argentinaly hünärmen Maurisio Poçettinony işden boşadyp, onuň ornuna Lill bilen Fransiýanyň çempionlygyny gazanan, geçen möwsümde Nissany ilkinji bäşlige girizmegi başaran Kristof Galtýeniň bellenendigini mälim etdi.
Elbetde, bu özgeriş arkaly dünýäniň iň ýyldyzly düzümine eýe bolan toparyň ýolbaşçylarynyň, ilkinji nobatda, ÝÇL-iň baş baýragyny eýelemegi göz öňünde tutýandyklary düşnükli zat.Emma futbol dünýäsindäki bilermenleriň belli bir bölegi bu karary ýalňyşy ýalňyş bilen düzetmäge synanyşmak diýip bahalaýarlar.
Beýleki bir bölek bolsa Galtýeniň gelmegini PSŽ-niň üstünliklerine tarap ädilen ädim hasaplaýarlar.Eýýäm bir günüň içinde daşary ýurtlaryň sport neşirlerinde Galtýeniň PSŽ bilen bagly geljegi barada onlarça seljeriji makalalar okyjylara hödürlenildi.
Türkmen auditoriýasynyň iň iri maglumat çeşmesi bolan Turkmenportal web saýty hem türkmen janköýerlerine niýetläp, Kristof Galtýeniň baş tälimçilige bellenilmeginiň PSŽ üçin berip biljek artykmaçlyklary we kemçilikleri barada ýörite seljerme taýýarlady:
Ilki bilen, sorag döreýär Näme üçin Galtýe?!. Bu soragyň döremegi ýöne ýerden däl. Aşakda onuň iň esasy sebäplerini size ýetirýäris:
1.Kristof Galtýe henize çenli hiç bir top kluby baş tälimçi hökmünde türgenleşdirmedi.Ol özi futbol oýnan döwürlerinde hem parlap duran ýyldyz oýunçy hökmünde göze düşen ynsan däl. Şu iki faktory hasaba alsaň, düzümi durşuna ýyldyzdan doly bolan toparda beýle tälimçiniň sözüni diňletmekde kynçylyklara sezewar bolmak ähtimallygy orta çykýar.
Sebäbi isleseň, islemeseň, Messi, Neýmar, Mbappe ýaly oýunçylary gerek wagtynda ätiýaçlyk oturgyjyna geçirip bilmek üçin şahsy abraý hem talap edilýär.Aslynda, Poçettinonyň Pariždäki syýahatynyň uzaga çekmezligi hem şu ýagdaý bilen azda-kände baglydy. Şulary göz öňünde tutup, Galtýeniň parižlileri üstünlige ýetirjekdigine şübhe bilen garaýanlaryň pikirleriniň jany bar diýmek bolar.
2.Ikinji sebäp hem birinjisine meňzeşräk.Galtýe hiç haçan top kluba baş tälimçi bolmadyk diýdik. Şeýle bolansoň, ol topa eýelik etmek arkaly hüjüme esaslanýan futbola-da öwrenişmedik hünärmen.
Käbir adatdan daşary duşuşyklary hasaba almasaň, ol iň üstünlikli işlän toparlarynda hem, köplenç, ikinji belgide, garşylyklaýyn hüjümleriň kömegine daýanyp netije görkezdi. Ýöne PSŽ eýýäm başga dereje.Toparda dünýäniň meşhurlyk boýunça iň güýçli hüjüm üçlügi bar we bu öz-özünden tälimçiden esasy ünsi hüjüme bermegi talap edýär.
3. Üçünji sorag taktika bilen bagly.Tälimçilik karýerasyny şu asyryň ilkinji ýylynda başlan hem bolsa, Galtýeniň ady hiç haçan güýçli taktikleriň hatarynda agzalmady.Munuňam sebäbi ol hiç bir babatda futbola täzeçe shemalary sowgat etmedi. Ýöne PSŽ bilen üstünlik gazanmak üçin ol indiden beýläk taktikanyň üstünde köpräk kelle döwmeli bolar.
Sebäbi toparyň düzümindäki aşa meşhur oýunçylaryň meýdandaky gara zähmetden özlerini aýamaklary, sizden eliňizdäki beýleki oýunçylar bilen peýda bolan boşluklary ýapmak zerurlygyny döredýär.Bu mesele bolsa hele-müçük iş däl.
Galtýeniň topar bilen geljekde üstünlik gazanyp, gazanmazlygy hem, esasan, şu meseläni näderejede oňyn çözüp biljegine bagly.
4.Hüjümdäki bökdençlikler.Galtýe şu wagta çenli tälim beren hiç bir toparynyň möwsümde garşydaşyň derwezesine ýol tapmak boýunça öňdäki hatarda bolandygy bilen öwünip bilmez.Ol häsiýeti boýunça açyk futboldan gaça durýan hünärmen.
Ol ozallar hüjüm çyzygynyň köpöwüşginli kombinasiýalaryna wagt sarp edeninden, ilkinji nobatda, gorag çyzygyny kämilleşdirmek barada kelle döwmegi möhüm hasaplaýardy. Ýöne top klub diýmek hüjüm sözi bilen manydaşdyr. Şonuň üçin hem Galtýe mundan beýläk diňe toparda däl, özünde hem üýtgeşmelere el urmaly bolar.
Ol indi goraga maýyllylyk edähedinden ýüz öwürip, hüjüm etmegiň täzeçe usullaryny oýlap tapmaga borçly.Galtýeniň bagtyna onuň elinde dünýäniň iň gowy hüjüm üçlügi (häzirlikçe diňe meşhurlyk babatda) bar.
Ýokarda PSŽ-niň täze tälimçisiniň diňe kemçiliklerini sanap geçen-de bolsak, onuň topara ýardam etjek artykmaçlyklary hem ýok däl. Olaryň esasylary şulardan ybarat:
1.Galtýe güýçli motiwator (ruhlandyryjy).Onuň şu wagta çenli işlän toparlarynda gazanan üstünlikleriniň gönezliginde berýän taktiki görkezmelerine garanyňda, aýdýan ruhlandyryjy sözleriniň ülşi has köp.Bir tarapdan seretseň, häzirki PSŽ üçin iň zerur zat hem oýunçylary ruhlandyryp bilmek bolup görünýär.
Sebäbi taktika baradaky ähli gürrüňi bir gyra süýşürip goýanyňda hem, toparyň düzüminde özüniň indiwidual hereketleriniň hasabyna oýnuň ykbalyny çözüp biljek oýunçylaryň iň azyndan üç sanysy bar. Şu nukdaýnazardan olara gerek wagty gerekli sözi aýdyp bilmegiň özi-de gözlenen maksatlara ýetmekde ýeterlik bolup biler.
Kim bilýär, PSŽ-niň ýolbaşçylary hut şonuň üçin hem Galtýeni saýlandyrlar.
2.Ikinji artykmaçlyk — Kristofdäki stabillik (durnuklylyk).Ol eýýäm 13 ýyl bäri Fransiýanyň ýokary diwiziýonynda arakesmesiz we ynamdan gaçman işläp gelýär. Öz gezegine bu uzak döwrüň dowamynda toplanan tejribäniň soňky ýyllarda netije babatda has aýdyň ýüze çykýandygyny görmek bolýar.
Lill bilen gazanylan çempionlyk, Nissa bilen bäşlige girmek bularyň ählisi Galtýeniň elindäki mümkinçilikleriň hörpünden ýokaryrak ýerleri eýeläp ugrandygyny görkezýär.Indi bolsa, ol iň gowy oýunçylar bilen Ýewropanyň iň gowy topary bolmaga synanyşar. Şu ýerde bir zady bellemeli, şu wagta çenli geçen ýoly sebäpli Galtýe haçan-da bolsa birwagt top kluba tälimçilik edip görmäge mynasypdy we bu mümkinçilik PSŽ topary boldy.
3.Ygtybarly gorag.Galtýeniň toparlary hemişe ynamdar goraga esaslanýan futbola üns berdiler. Özi-de bu goragyň aýratynlygy, ol aşa çuň goranyş, ýagny awtobus goýmak däl, jerime meýdançasynyň bosagasynda garşydaşy garşy almak, onuň hüjüm we ýarym gorag çyzygynyň arasyndaky baglanyşygy boş ýerler galdyrmazlyk arkaly üzüp goýmak. Şonuň üçin-de olar goraga köp üns berseler-de, Galtýeniň toparlarynyň oýny içgysgynç bolmaýardy. Şol kämil goranyş gurluşynyň PSŽ-niň oýunlaryna siňdirilmegi hüjümi onsuzam güýçli bolan topary täze derejä çykarmaga kömek edip biler.
4.Indiwidual hereketleri çäklendirmezlik.Kim näme diýse-de, biziň nukdaýnazarymyz boýunça PSŽ üçin iň zerur zat indiwidual we toparlaýyn hereketleriň deňagramlylygyny sazlap bilmekdir.Sebäbi bir tarapda superýyldyzlara erkinlik döretmek meselesi, beýleki tarapda bolsa toparlaýyn oýny guramak wezipesi islendik tälimçini kelle tutmaga mejbur edip bilýär.
Häzirki wagtda karýerasyny dowam etdirýän tälimçileriň arasynda Kristof Galtýe hut şu deňagramlylygy ýola goýup biljek az sanly hünärmenleriň biridir.Dogry, ondan hem gowusy bar Zinedin Zidan. Ýöne onuň PSŽ-niň teklibini ret etmegi bilen parižlilerde diňe Galtýeni saýlamak ýoly galdy.
Galtýeniň indiwiduallyk bilen toparlaýyn hereketi sazlaşykly ýola goýjakdygy barada ynamly gürlemegimize, onuň ozalky toparlarynda geçen ýoly esas berýär. Şol klublarda mümkinçilikleriň belli bir derejede çäklidigine, netije üçin tutuş topar bolup der dökmegiň talap edilýändigine garamazdan, Galtýeniň şägirtleriniň arasyndan indiwidual zehinler — Gabriel Aubameýang, Dimitri Paýet, Nikaolýa Pepe, Wiktor Osimhen ýaly ençeme oýunçylar parlak ýyldyzlara öwrülmegi başardylar.
Geljek öňünden bilip bolmaýandygy üçin hem gyzykly.Futbolda bolsa hatda 90 minutlyk bir oýun babatda hem öňünden kesgitli zat aýtmak çetin. Şeýle bolansoň, eger tutuş möwsüm, ýa-da bir tälimçiniň täze toparyndaky geljegi barada çaklama öňe sürýän bolsaň, köp oklaryň nyşana bütinleý ters bolan taraplary hem tozatmagy hem mümkin.
Biziň bu günki Galtýe we PSŽ baradaky aýdan zatlarymyz hem häzirlikçe adaty bir çaklama.Olaryň näderejede dogrudygyny bolsa öňdäki möwsüm we oýunlar görkezer.