"Turkmen.news": Ruslan Mätiýew, Aşgabadyň talaby bilen, Türkiýä goýberilmedi

"Turkmen.news": Ruslan Mätiýew, Aşgabadyň talaby bilen, Türkiýä goýberilmedi

Türk polisiýasy we howpsuzlyk işgärleri 25-nji iýulda Türkmenistan barada habar berýän az sanly garaşsyz maglumat we adam hukuklary çeşmeleriniň biri bolan "Turkmen.news" neşiriniň redaktory, türkmen žurnalisti Ruslan Mätiýewiň Türkiýä girmeginiň öňüni baglady.

Neşiriň 5-nji awgustda beren habarynda bu gadaganlygyň Türkmenistanyň talaby esasynda girizilendigi aýdylýar.

Habarda aýdylmagyna görä, bu ýurda maşgalasy bilen dynç almaga gelen Mätiýewler Antalýa howa menzilinde saklanýar.

Pasport barlagynda oňa Türkiýäniň milli howpsuzlygyna wehim salýandygyny, ýagny G-82 kody - "milli howpsuzlyga garşy gönükdirilen işjeňlik” bilen belgilenendigini aýdypdyrlar.

Birnäçe sagat sorag edilen žurnalist soňra esgerleriň ugratmagynda ýurtdan deportasiýa edilipdir.

Žurnalisti saklaw sanawyna” girizmegiň Türkmenistan tarapyndan soralandygy aýdylýar.

Mätiýew bu ýurda, hut şol kurort şäherine bir ýyl ozal maşgalasy bilen dynç almaga baranynda bu hili gadaganlyk ýok eken.

Polisiýa işgärleri žurnaliste bu gadagançylygyň bu ýurda geçen tomus geleninden iki aý soň, ýagny 2023-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda girizilendigini aýdypdyrlar.

Şol döwürde, neşiriň bellemegine görä, Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigul Begmedowanyň Türkiýä girmegine hem, G-82 kody esasynda, gadaganlyk girizilipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy şol wagta çenli Türkiýedäki türkmen migrantlary we soňky döwürde işjeňleşen aktiwistler bilen ýakyndan işleşipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Diňle: Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi
Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar