Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler

Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Aşgabatda ýerleşýän satuw ofisinde ýolagçy howa gatnawy mahalynda goşlary we zatlary uçarda, şeýle hem ýanyň bilen daşamagyň düzgünleri barada gürrüň berdiler. Awiakompaniýanyň wekilleri howa gatnawlarynyň halkara düzgünlerine laýyklykda, käbir zatlary uçarda we el goşuň hökmünde ýanyňda daşamagyň gadagan edilýändigini düşündirdiler.

Uçarda we el goşuň hökmünde daşamak gadagan edilen zatlaryň hatarynda şulary bellemek bolar:

Golf üçin klýuşka, beýsbol bitasy we kriket üçin bita ýaly sport enjamlary

Ýangyn howply zatlar, şol sanda syýahat plitalary

Çümüp biljek we kesip biljek ýiti zatlar, şol sanda tikin esbaplary

Turkish Airlines-yň wekilleri uçuş wagtynda ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün etmek üçin, gadagan edilen köp zatlaryň ýanyň bilen el goşy hökmünde däl-de, hasaba alynýan bagaž goşlary bölümi arkaly daşalyp bilinjekdigini bellediler.

Rugsat berlen we gadagan edilen goşlar barada has giňişleýin maglumat almak üçin ýolagçylara awiakompaniýanyň web saýtynda ýerleşdirilen çäklendirilen goşlar baradaky ýörite sahypany okamak maslahat berilýär.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň diňe bir Aşgabat bilen Stambulyň arasynda yzygiderli howa gatnawyny amala aşyrman, eýsem ýolagçylara giň halkara gatnaw ulgamyny hödürleýändigini hem ýatladýarys.

Awiakompaniýanyň kömegi bilen, Ýewropanyň joşgunly megapolisleri, ekzotik adalar ýa-da Aziýanyň gadymy şäherleri bolsun, dünýäniň islendik ýerine aňsatlyk bilen baryp bilersiňiz. Gatnaw ugurlarynyň giň saýlawy, oňaýly uçarlar hem-de ýokary derejeli hyzmat syýahatyňyzy ýatdan çykmajak pursatlara beslär.

Turkish Airlines uçuşlary üçin awiapetekleri awiakompaniýanyň resmi web saýtyndan, şeýle hem Aşgabatdaky şu salgyda ýerleşýän resmi ofisinden alyp bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy.

Telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33. Elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Tomusky dynç alşyňyzy Turkish Airlines bilen meýilleşdiriň
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar