Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär

Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär

Dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan Turkish Airlines Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny awiapetek satyn almak hem-de gatnawlar barada maglumat almak üçin satuw ofisiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar.

Ofisiň professional hünärmenleri müşderilere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr. Olar iň amatly ugry, uçuşyň senesini saýlamaga, awiapetekleri bronlamaga, şeýle hem goşmaça hyzmatlary resmileşdirmäge ýardam ederler. Bu hili hyzmatlaryň hatarynda — uçardan oturyljak ýeri saýlamak, bortda ýörite nahar sargyt etmek we goşlary daşamagy guramak bar.

Turkish Airlines hyzmatlarynyň türkmenistanly ýolagçylar üçin amatly bolmagyna aýratyn üns berýär. Awiakompaniýa iki ýurduň arasynda yzygiderli we ygtybarly howa gatnawyny üpjün etmek bilen, Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 uçuşy amala aşyrýar. Bu diňe bir Türkiýä syýahat etmegi ýeňilleşdirmän, eýsem Stambulyň üsti bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryna üstaşyr gatnawlary amala aşyrmak üçin hem amatly mümkinçilikleri açýar.

Turkish Airlines uçarlarynda ýolagçylara hyzmatlaryň iň ýokary derejesi garaşýar. Awiakompaniýa köpdürli we datly iýmitleri, şeýle hem uçuş mahalynda dynç almak üçin dürli güýmenjeler ýaly ýetirýän ajaýyp hyzmatlaryna buýsanýar.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň satuw ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar