Turkish Airlines ýanyň bilen goş almagyň düzgünleri barada habar berýär

Turkish Airlines ýanyň bilen goş almagyň düzgünleri barada habar berýär

Turkish Airlines ýolagçylara howa uçuşlarynda ýanlary bilen alýan goşlaryny daşamagyň düzgünleri barada habar berýär.

Ekonom-klas gatnawynda ölçegi 23x40x55 sm, agramy 8 kg-dan köp bolmadyk el goşlaryny, şeýle hem 40x30x15 sm ululykdaky bir sany şahsy zady, mysal üçin torbany götermäge rugsat berilýär. Şahsy zadyň hem agramy 4 kg-dan geçmeli däldir.

Biznes-klas gatnawynyň ýolagçylary ölçegleri we agramy 23x40x55 sm hem-de 8 kg-dan (jemi 16 kg) ýokary bolmadyk iki sany el goşuny alyp bilerler. Şeýle hem bu ýolagçylara ýany bilen bir sany şahsy zat, mysal üçin torba almaga rugsat edilip, onuň hem ölçegleri 40x30x15 sm-den, agramy bolsa 4 kg-dan geçmeli däldir.

Ekonom klas we biznes klas gatnaw görnüşlerinde içerki hem-de halkara uçuşlarda çagalar üçin 1 sany el goşuny / 8 kg almak rugsat edilýär.

Has giňişleýin maglumat almak we awiapetek sargyt etmek üçin Turkish Airlines awiakompaniýasynyň satuw ofislerine ýüz tutup bilersiňiz. Türkmenistandaky ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy. Telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33.

Awiapetekleri turkishairlines.com web saýtyndan hem sargyt edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Turkish Airlines awiapetekleri bronlamagyň dürli usullary barada habar berýär
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär