“Turkish Airlines” we “FlyDubai” güýzde Türkmenistana yzygiderli uçuşlaryny täzeden ýola goýýarlar diýip “Türkmen.news” neşiri habar berýär.
1-nji sentiýabrdan “Turkish Airlines” Türkmenistana uçuşlaryna başlaýar.
Uçar şirketiniň saýtynda Stambuldan Türkmenistana uçar bilediniň bahasynyň 11,1 müň türk lirasyna (620 çemesi dollara) Türkmenistandan Stambula bolsa, 445 dollara deňdigi habar berilýär.
Aşgabatdan Stambula we yza ýolçulyk 767,5 dollara, Stambuldan Aşgabada we yza bolsa, 19,1 müň türk lirasyna (1060 çemesi dollara) barabar.
Şeýlede habarlara laýyklykda, 30-njy oktiýabrdan “FlyDubay”howa ýollary şirketi Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça yzygiderli uçuşlaryny täzeden ýola goýýar. Uçar gatnawlary çak bilen hepdede dört gün-sişenbede, penşenbede,annada we ýekşenbede amala aşyrylar.
Uçar şirketiniň saýtynda haýsy senelere uçuşlaryň meýilleşdirilýändigi bildirilýär,emma, saýlanan günlere uçar bilediniň ýokdugy barada maglumatlar peýda bolýar.
Bellesek, 30-njy maýda ”Türkmen howaýollary” Dubaýa uçuşlaryny täzeden ýola goýupdy.
2020-nji ýylyň martynda daşary ýurtlaryň howa ýollary şirketleri şol sanda, “Turkish Airlines”, “FlyDubaý”, “S7” we “Belawia” ýurda Covid-19 ýokanjynyň girmeginiň öňüni almak çäreleri bilen ilteşikli Türkmenistana uçuşlaryny togtadypdylar.The post “Turkish Airlines” we “FlyDubai” güýzde Türkmenistana yzygiderli uçuşlaryny ýola goýýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.