Turkish airlines Türkiýäniň ejir çeken...

Turkish airlines awiakompaniýasy Türkiýäniň ejir çeken etraplaryna 177 uçuşy amala aşyryp, ol ýerden 82 müň adamy çykardy diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň KHBS-i üçin maglumatynda aýdylýar.

Bar bolan maglumatlara görä 17 müň 674 adam tebigy betbagtçylygyň pidasy boldy, 72 müň 879 adam ýaralandy. Ýer titreme zerarly Gaziantep we Kahramanmaraş, şeýle hem Hataý, Adyýaman, Diýarbakyr, Malatýa, Osmaniýe, Elazyg, Kilis, Şanlyurfa we Adana welaýatlarynda 6 müň 444 bina weýran boldy.

Weýrançylyklaryň zolagynda 1 mln-dan gowrak wagtlaýyn alyp gitmek nokatlary döredildi, tebigy gazyň esasy geçirijileriniň 9 müňden gowragyabatlandy. Dikeldiş işlerine 100 mlrd türk lirasy bölünip berildi.

Ýer titreme netijesinde ejir çeken her bir raýata 10 müň türk lirasy tölener diýip, düýn Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldy