Turkish Airlines TKCONNECT ulgamyny işe girizýär: awia hyzmatlaryny hödürlemekde täze döwür

Turkish Airlines TKCONNECT ulgamyny işe girizýär: awia hyzmatlaryny hödürlemekde täze döwür

Turkish Airlines ýedi sany öňdebaryjy kontent agregatlary bilen strategiki hyzmatdaşlyk arkaly TKCONNECT ulgamyny yglan edip, NDC (New Distribution Capability) standartyna laýyk gelýän distribusiýa maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Kompaniýa bronlamak mümkinçiligini kämilleşdirmek we ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin Travelfusion, Verteil, DRCT, Mystifly, Nuua, Nuflights we Theta bilen tagallalaryny birleşdirdi.

Bu hyzmatdaşlyk awiakompaniýanyň hyzmatdaşlaryna Turkish Airlines-yň giň global toruna we hyzmatlaryna bökdençsiz elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir. TKCONNECT syýahatçylyk agentlerine hususy ugurlaryny döretmäge, aýratyn teklipleri hödürlemäge we bronlamak işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berjek öňdebaryjy platforma boljakdygyny wada berýär. Munuň özi müşderileriň kanagatlylyk derejesiniň we wepalylygynyň artmagyna kömek eder.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň täjirçilik direktory Ahmet Olmuştur täze hyzmatdaşlyga höwes bildirdi we saýlanan agregatlaryň ýokary hilli distribusiýa çözgütlerini hödürlemek tejribesini nygtady. Onuň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk TKCONNECT-iň hyzmat ediş çägini we täsirini has-da artdyrmek bilen, kompaniýanyň müşderilere ýokary syýahatçylyk çözgütlerini we ajaýyp hyzmaty hödürlemek baradaky umumy garaýşyny şöhlelendirer.

Turkish Airlines ähli isleg bildirýänleri bütin dünýä boýunça syýahatçylyga çagyrýar. Köp sanly uçuş ugurlary we amatly teklipler syýahatyňyzy ýatdan çykmajak tejribä öwrer.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

S7 Airlines Aşgabatda geçirilýän ITTC-2024 halkara sergisinde öz hyzmatlaryny hödürleýär
Turkish Airlines uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady
24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Hytaý arkaly Gruziýadan Türkmenabada tarap ýene bir ýük howa gatnawy ýola goýuldy