Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär

Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy Turkish Airlines şu ýylyň iýul aýyndan başlap Stambuldaky merkezinden iki sany täze uçuş ugrunyň ýola goýlandygyny habar berdi.

Birinji täze ugur Stambuly ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň Denwer şäheri bilen birleşdirer. Awiakompaniýa Stambul Denwer Stambul ugry boýunça hepdede dört uçuş amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Munuň özi Turkish Airlines awiakompaniýasynyň hyzmatyndan peýdalanýan türkiýeli we beýleki ýurtlardan syýahatçylara Amerikanyň günbataryndaky iň uly şäherleriň birine gitmek üçin amatly şertleri döreder.

Ikinji ugur Stambuly Italiýanyň Turin şäheri bilen birleşdirer. Awiakompaniýa Stambul Turin Stambul ugry boýunça hepdede ýedi uçuş amala aşyrar, bu bolsa iki şäheriň arasynda yzygiderli aragatnaşygy üpjün eder. Baý taryhy we medeniýeti bilen tanalýan hem-de Italiýanyň senagat merkezi hökmünde meşhur bolan Turin şäheri Turkish Airlines awiakompaniýasynyň müşderileri üçin ýene bir özüne çekiji ugur bolar.

Bu täze ugurlar diňe bir Turkish Airlines awiakompaniýasynyň uçuş ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, ýolagçylara syýahatçylyk we işewürlik üçin has köp mümkinçilikleri döreder. Uçuşlaryň ýola goýulmagy syýahatçylygy ösdürmäge we Türkiýe bilen agzalan ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge kömek edip biler.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen (+993 61) 01 44 33 telefon arkaly habarlaşyp ýa-da şu salgyda ýerleşýän satuw nokadyna baryp bilersiňiz: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, Ussat binasy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar
Turkish Airlines dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi