Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar

Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy bolan Turkish Airlines Amerika uçuş ugurlarynyň artdyryljakdygyny habar berdi. Awiakompaniýa 2024-nji ýylyň 18-nji dekabryndan Çiliniň paýtagty Santýago şäherine dowamly uçuşlary amala aşyryp başlar. Bu awiakompaniýanyň Amerika yklymyndaky 26-njy uçuş ugry we sebitde hyzmat edilýän 10-njy ýurt bolar.

Täze ugur boýunça uçuşlar iki tarapa hem San-Pauloda duralga bilen hepdede dört gezek amala aşyrylar. Bu çözgüt diňe bir Turkish Airlines-iň Günorta Amerikadaky ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, syýahatçylara yklymyň iň okgunly ösýän şäherleriniň birine amatly girişi üpjün eder.

Turkish Airlines-iň Dolandyryşynyň we ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, professor Ahmet Bolat täze ugruň kompaniýanyň global strategiýasy üçin möhümdigini aýtdy. Ol Santýago şäherine uçuşlaryň amala aşyrylmagynyň awiakompaniýanyň öz uçuş ugurlaryny giňeltmäge, yklymlaryň we medeniýetleriň arasynda aragatnaşygy gowulandyrmaga ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy.

Täze ugur diňe bir Türkiýe bilen Çiliniň arasyndaky syýahaty aňsatlaşdyrman, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinden ýolagçylara Stambulda amatly duralga bilen Günorta Amerikanyň gözelligini öwrenmäge mümkinçilik döreder. Täze uçuşyň petekleri Turkish Airlines-iň resmi kanallary arkaly bronlamak üçin eýýäm elýeterlidir.

Awiakompaniýanyň Aşgabatdaky satuw bölüminiň maglumatlary:

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar
Turkish Airlines dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti