Turkish Airlines: Miles and Smiles maksatnamasynyň giňeldilen mümkinçilikleri

Turkish Airlines: Miles and Smiles maksatnamasynyň giňeldilen mümkinçilikleri

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Miles and Smiles wepalylyk maksatnamasy ýolagçylara uçuşlarynda milleri toplamaga we olary hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak we goşmaça hyzmatlary satyn almak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.

Maksatnama gatnaşyjylar bonuslary diňe bir ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem, paýlaşyp hem bilerler. Milleri status miline öwrüp, klubyň beýleki agzalaryna geçirip ýa-da Miles and Smiles shop dükanynda söwda etmek üçin ulanyp bolýar.

Maksatnama gatnaşmagyň dört derejesi bar: Classic, Classic Plus, Elite we Elite Plus. Her dereje gatnaşyjylara goşmaça artykmaçlyklar we mümkinçilikler berýär. Mysal üçin, Elite Plus derejesiniň eýeleri Turkish Airlines awiakompaniýasynyň uçuşlarynda iki gezek hyzmat klasyny mugt ýokarlandyrma we beýleki üç adama Elite kartyny sowgat bermek hukugyny alýarlar.

Şeýle hem Turkish Airlines maksatnama gatnaşyjylar üçin sanly kartlara geçendigini habar berýär. Ozal berlen plastik kartlar hereket etmegini dowam edýär, täze agzalar indi olaryň diňe sanly nusgalaryny alarlar.

Miles and Smiles maksatnamasyna ýazylmak üçin şahsy maglumatlaryňyzy, ýagny adyňyzy, familiýaňyzy, doglan senäňizi, raýatlygyňyzy, salgyňyzy, elektron poçtaňyzy we telefon belgiňizi görkzmeli.

Miles and Smiles maksatnamasy barada has giňişleýin maglumaty turkishairlines.com resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy
Turkish Airlines uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy
Näme üçin Türkiýe indiki syýahatyňyz üçin iň göwnejaý ýer?
Turkish Airlines-yň saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl