Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi

Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi

Türkiýäniň Turkish Airlines awiakomaniýasy Türkiýäniň Eksportçylar Assambleýasy (TİM) tarapyndan her ýyl guralýan İnovalig bäsleşiginde uly üstünlik gazandy. Awiakompaniýa awiasiýa pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary we durnukly çözgütleri ornaşdyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, Innowasiýalaryň durmuş aýlawy ugry boýunça baýrakly orunlaryň birini eýeledi.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 12-nji oktýabrda Haliç Kongresler merkezinde geçirildi. Wise-prezident Jewdet Ýylmaz abraýly baýragy Turkish Airlines awiakomaniýasynyň baş direktorynyň maglumat tehnologiýalary boýunça orunbasary doktor Kerem Kızıltunja gowşurdy. Bu çärä türk işewür toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri, žurnalistler we hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

İnovalig Türkiýede innowasiýalar pudagyndaky iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýar, Turkish Airlines awiakomaniýasynyň gazananlaryna ýokary baha berilmegi bolsa kompaniýanyň milli derejede innowasion tehnologiýalary ösdürmekde öňdebaryjy ornuny görkezýär.

Awiakompaniýanyň Aşgabatdaky satuw bölüminiň maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Tomusky dynç alşyňyzy Turkish Airlines bilen meýilleşdiriň
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär