Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär

Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär

Turkish Airlines awiakompaniýasy ýolagçylaryna gatnaw çalyşmasy bolan uçuşlarda howa menzilinde garaşýan wagtlarynyň belli bir çäkden geçen ýagdaýynda, myhmanhanada tölegsiz bolmak we naharlanmak, şeýle hem Stambul şäherine gezelenç etmek mümkinçiliklerini hödürleýär.

Ekonom klassda uçýan ýolagçylaryň garaşmaly wagtynyň belli bir sebäbe görä 12 sagatdan, işewürlik klassynda uçýan ýolagçylaryň wagty bolsa 9 sagatdan geçen ýagdaýynda, myhmanhana we naharlanmak hyzmatyndan tölegsiz peýdalanyp bilerler.

Turkish Airlines awiakompaniýasy 6 sagatdan 24 sagada çenli tranzit bilen Stambul arkaly uçýan ýolagçylara TourIstanbul maksatnamasynyň çäginde şähere tölegsiz syýahat etmek mümkinçiligini hödürleýär.

Bu maksatnama gatnaşmak üçin Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Stambulda gatnaw çalyşmasy bolan halkara gatnaw awiapeteginiň bolmagy zerurdyr. TourIstanbul maksatnamasy barada has giňişleýin maglumat almak, şeýle hem tölegsiz gezelenç etmäge hasaba durmak üçin awiakompaniýanyň web saýtyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Awiakompaniýanyň birnäçe gezek abraýly baýraklara eýe bolandygyny we Turkish Airlines-yň hünärmenler toparynyň myhmansöýerligi hem-de hünär ussatlygy bilen meşhurdygyny bellemelidiris.

Turkish Airlines howa gatnaw peteklerini turkishairlines.com saýtyndan, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy.

Telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33. Elektron poçta salgysy: askabatbıletsatıs@thy.com.

Turkish Airlines mobil goşundysyny Google Play we App store internet dükanlaryndan ýükläp alyň.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tomusky dynç alşyňyzy Turkish Airlines bilen meýilleşdiriň
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar
Turkish Airlines dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi