Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar

Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar

Turkish Airlines awiakompaniýasy turkishairlines.com web saýtynda çagalar we kiçijik bäbekler bilen syýahata gitmek barada ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogaplary tapyp bolýandygyny habar berýär.

Bu bölüm goşlary daşamagyň düzgünleri, hasaba alynmak, howa ulagynda mahalyň naharlanmak hem-de kiçi ýaşly ýolagçylara edilýän ýörite hyzmatlar baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň ýolagçylaryna Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça uçuşlar üçin amatly nyrhlary hödürleýändigini ýatladýarys.

Iki tarapyna awiapetegiň iň pes bahasy 589 dollar. Diňe bir taraplaýyn uçmagy meýilleşdirýänler üçin bolsa gatnawyň iň pes nyrhy 352 dollardyr.

Turkish Airlines diňe bir amatly bahalary hödürlemän, eýsem ýolagçylaryna ýokary rahatlygy we howpsuzlygy hem üpjün edýär.

Awiakompaniýanyň gatnaw ugurlarynyň giňligi hem-de Stambuldan üstaşyr birikmeler arkaly dünýäniň islendik ýerine tiz hem-de aňsat baryp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Tomusky dynç alşyňyzy Turkish Airlines bilen meýilleşdiriň
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär