Turkish Airlines awiakompaniýasy Airbus we Boeing uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

Turkish Airlines awiakompaniýasy Airbus we Boeing uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

Turkish Airlines awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde Airbus we Boeing uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar.

Bu barada Türkiýäniň Milli awiagatnadyjysynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Bolat habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Ady tutulan türk kompaniýasynyň on ýyllyk maksatnamasy awiaparkyny 600 uçara çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Onuň häzir 440 uçary bar, olar, esasan, Airbus we Boeing uçarlarydyr. Kompaniýa dünýäde iň öňdebaryjy uçar gatnawyny amala aşyryjylaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýeňillik bilen syýahat ediň: Turkish Airlines goşundysyny ýükläp alyň
Turkish Airlines-iň Aşgabatdaky satuw ofisi biletleri satyn almaga çagyrýar
“Turkish Airlines” Aşgabat-Stambul-Aşgabat uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanladýar