Turan Gurban Berdiýewiň golastyndaky ikinji ýeňşini gazandy

Turan Gurban Berdiýewiň golastyndaky ikinji ýeňşini gazandy

Azerbaýjanyň Turan-Towuz topary ýoldaşlyk duşuşygynda Kýapaz futbol klubyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Gabala şäherinde oýnaldy.

Ýeri gelende bellesek, bu üstünlik Turanyň Gurban Berdiýewiň tälim bermeginde gazanan ikinji ýeňşidir. Türkmen hünärmeni 25-nji iýunda toparyň baş tälimçiligine bellenilipdi.

G.Berdiýewiň türgenleşdirmegindäki ilkinji oýnuny Şamkir klubyna garşy geçiren Turan şol ýoldaşlyk duşuşygynda 13:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň çempionatyndaky ilkinji ýeňşini gazandy
Turan Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazandy
8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny deňme-deňlik bilen geçirdi
Turan-Towuzyň kapitany: Gurban Berdiýew hiç bir futbolçyny beýlekisinden saýlamaýar
Putin Russiýanyň güni bilen bagly 2023-nji ýyl üçin döwlet baýraklaryny gowşurdy