Tunisiň gaýtadan saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi

Tunisiň gaýtadan saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi

Tunisiň ikinji möhlete saýlanan Prezidenti Kais Said parlamentiň ýygnagynda kasam kabul etdi. Döwlet baştutanynyň Bardo köşgünde geçen kasam kabul ediş dabarasyny Tunisia TV teleýaýlymy alyp görkezdi. Bu barada TASS ýazýar.

Döwlet Baştutany täze möhletde özüniň esasy wezipesi hökmünde işsizlige garşy göreşi kesgitledi. Said işsizler, esasan hem ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri döretmekde yhlasyny gaýgyrmajakdygyny söz berdi.

Tunisde nobatdaky Prezident saýlawlary 6-njy oktýabrda boldy. Ýurduň Saýlawlary guramak boýunça garaşsyz ýokary edarasynyň gutarnykly maglumatlaryna görä, Prezident Said sesleriň 90,69 göterimini aldy.

Ýene degişli makalalar

Saýlawlarda ýeňiş gazandy
Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar berkidiler
Türkiyäniň Afrika ýurtlaryna eksporty artýar
Suwasty wulkan tapyldy
Italiýada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy
Tunisiň Prezidenti täze Premýer-ministr belledi