TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär

TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ-niň wekilleriniň (TLUM) Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynyň dowamynda Şanhaý şäherinde bu ýurduň COSCO SHIPPING Group kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk guraldy.

Duşuşygyň dowamynda COSCO SHIPPING Group konteýner liniýa gatnawyny Türkmenistana getirmek boýunça gepleşikler geçirildi. COSCO SHIPPING Group konteýnerlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna getirip, täze Merkezi Aziýada HUB döretmek bilen, konteýnerlary Gündogar-Günbatar ugurlara daşamak boýunça maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda esasy iki taraplaýyn göz öňünde tutulýan ugurlary, ýagny Hytaý Halk Respublikasyndan Gazagystan Respublikasynyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň üsti bilen Türkmenistana we soňra Türkmenbaşy Halkara portunyň üsti bilen dürli ugurlara, esasan-da, Ýewropa ýurtlaryna we Ýakyn Günbatara aýry-aýry konteýnerlary daşamak boýunça ylalaşyldy.

COSCO SHIPPING Group Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki halkara konteýner ulag we ýük daşaýyş kompaniýasydyr. Ol dünýäde umumy ýükleri daşamak boýunça 1-nji we konteýner daşamalary boýunça 3-nji ýerde durýar.

Kompaniýa 105 ýurtdaky 356 portlarynda öz işini alyp barýar, şeýle hem 255 halkara ugurlarynda işleýär. COSCO SHIPPING Group 20,000 TEU kuwwatly daşaýan Toros we 21,000 TEU kuwwatly Verselem konteýner gämileri ýaly birnäçe mega gämisi bar.

Ýene degişli makalalar

Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
TULM Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ Türkiýe Respublikasynyň ynsanperwer kömek ýüklerini Owganystana ugratmaga ýardam berdi
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
TULM AGPJ gurnamagynda MNG Airlines Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy