
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ CASCA+ ugry boýunça Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary üçin iki tarapa hem aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär.
Amatly nyrhlar CASCA+ ulag geçelgesi boýunça Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda haryt daşaýan müşderiler üçin girizilýär. Ýük ibermek we almaklyk Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ-niň aýratyn ýeňillikli nyrhlary barada has giňişleýin maglumaty şu telefon belgilerinden alyp bilersiňiz: (+993 12) 28-53-83, +993 (12) 28-79-89.