Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli konteýner gatnawlarynyň ýola goýulýandygy barada yglan etdi. Konteýner otlularynyň milli operatory hem-de Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň terminalynyň operatory hökmünde kompaniýa ýük ugradyjylar we kabul edijiler üçin amatly şertleri döredýär.
TULM täsirli we ykdysady çözgütlerde müşderileriň sarp ediş isleglerini göz öňüne tutup, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň üstünden geçýän oňaýly gatnaw ugruny işläp düzdi. Hyzmatyň esasy tapawutly aýratynlygy bolsa Hytaýdan harytlar import edilende konteýner satyn almagyň zerurlygynyň ýoklugy bolup durýar. Bu bolsa söwda gatnaşyjylaryň çykdajylaryny ep-esli azaldýar.
Kompaniýa ýükleri daşamak babatda bäsdeşlige ukyply bahalary hödürläp, hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny kepillendirýär. TULM ähli gyzyklanýan taraplary Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky logistika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.
Müşderilere oňaýly bolmagy üçin TULM sargytlary onlaýn we info@tulm.tm elektron poçta salgysy arkaly resmileşdirmek mümkinçiligini ýetirýär.