TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy

TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy

​Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ (TULM) KTZ Express paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner otlusynyň synag gatnawyny üstünlikli ýola goýdy. Bu 2024-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Hytaýyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň demir ýoledaralarynyň wekilleriniň arasynda Pekinde geçirilen dörttaraplaýyn gepleşikleriň netijesine öwrüldi.

​TULM-yň habar bermegine görä, şol duşuşykda taraplar konteýner otlularynyň hereketiniň doly tertibi, ýeňillikli nyrhlar barada ylalaşdylar we kesgitli tertibi işläp düzmek üçin bilermenler toparyny döretmek kararyna geldiler. Esasy gazanylan üstünlik hem, buugur boýunça ýükleri daşamak üçin anyk gatnaw wagtynyň (15 gün) kesgitlenmegi boldy.

​Ätiýaçlyk şaýlary bolan 45 sany kyrk futluk konteýnerlerden ybarat synag otlusy Sian — Altynköl — Bolaşak — Etrek — Tähran ugry boýunça üstünlikli ýola düşdi. Bu ugruň tersine bolsa Kum —Etrek — Bolaşak — Altynköl — IU ugry boýunça Eýranyň 50 konteýnerden ybarat eksport otlusy guraldy.

Gatnawyň aýratynlygy hökmünde konteýnerleri giň ölçegden dar ölçege we tersine Etrek demir ýol terminalynda gaýtadan ýüklemek zerurlygydyr. Bu tehniki çözgüt dürli demir ýol ölçegleri bolan ýurtlaryň hatarynda netijeli daşamaga mümkinçilik berýändigi bilen tapawutlanýar.

Bu gatnaw ugrunyň gaýtadan dikeldilmegi Hytaý bilen Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin strategiki ähmiýete eýe bolup, şeýle hem Türkmenistanyň sebitdäki möhüm üstaşyr ulag geçelgeleriniň merkezi hökmündäki wezipesini ýokarlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy
TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi
2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti