TULM Dubaý - Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy

TULM Dubaý - Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy

Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesindäki ornuny berkitmek bilen, Türkmenistanyň Ulag we Logistika Merkezi (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Dubaý-Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy we konteýnerleri üçünji ýurduň otlularyndan GDA-nyň otlularyna gaýtadan ýüklemek işi Etrek ýükleýiş we düşüriş stansiýasynda üstünlikli geçirildi.

Şondan soň konteýnerli otly düzümi Russiýa Federasiýasyna tarap ýoluny dowam etdirdi.

TULM Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň çäklerinde konteýner daşamagy işjeň ösdürýär we bu ugurda ýükleri daşamagyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Kompaniýa bu ugurda her hepde ekspress konteýner otlularyny ibermegi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Dubaý-Moskwa ugry boýunça Türkmenistanyň çäginden yzygiderli konteýner gatnawy ýurduň strategik taýdan geografiki ýerleşişini we Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ulag merkezi hökmünde öz mümkinçiliklerini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň Astana sammitinde Hytaý Gyrgyzystan Özbegistan Türkmenistan Eýran Türkiýe geçelgesiniň amatly ýoldugy barada aýtdy
Geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar
Amanullah Transport and Logistics kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär
Dünýä Ulag Hyzmatlary oba hojalygy pudagynda tohumlar, tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edýär
Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesinde eksport-import ýükleri üçin nyrhlar arzanlady