Tulada Lew Tolstoýyň şahsy zatlarynyň sergisi açyldy

Tulada Lew Tolstoýyň şahsy zatlarynyň sergisi açyldy

Russiýanyň Tula şäherinde nusgawy ýazyjy Lew Tolstoýyň şahsy zatlarynyň sergisi açyldy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Sergi geljek ýylyň 22-nji ýanwaryna çenli ýazyjynyň Tuladaky Ýasnaýa Polýana muzeý-mülkünde dowam eder. Ol ýazyjynyň maşgalasynyň gyşky däplerine bagyşlanandyr. Onda ýazyjynyň öz aýalydyr çagalary bilen Roždestwo baýramyna taýýarlyk görüşleri barada gürrüň berler. Sergide gymmatlyklaryň 50-den gowragy bolup, olaryň arasynda penjeklerdir kitaplar, öý goşlary, fotosuratlar we Tolstoýyň aýaly Sofýanyň çeken kartinalary bar.

Serginiň myhmanlary ýazyjynyň aýalynyň seken gyşky manzarlaryny synlap bilerler. Olarda Sofýa Ýasnaýa Polýananyň ajaýyp gyşky gözelligini şekillendiripdir.

Ýene degişli makalalar

Tulada Lew Tolstoýyň we aýalynyň sergisi açyldy
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
“Tolstoýyň ýyly” diýlip yglan edildi
Russiýanyň kinofilmleriniň günleri türkmenistanlylary ussat režisýorlaryň we aktýorlaryň sungaty bilen tanyşdyrdy