Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi

Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, ussat sazanda Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp aýdym-sazly dabara geçirildi.

Haçanda aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda türkmen halkynyň ähli saz gurallarynyň arasynda ilkinji bolup dutaryň owazy gulagyňa ýaňlanyp durýar.Tugur Berdinyýazow Aşgabat şäheriniň golaýynda Büzmeýin obasynda 1923 ýylda eneden dogulýar. Çagalykdan dutar çalmaklyga uly höwesi bolan, 1937 nji ýylda halk saz gurallarynyň döwlet ansamblynda ussat halypalaryň arasynda işe durýar.Ol Pürli Saryýewi özüne halypa tutunýar, öz ýaşan obasynda zehinli ýaşlary ýygnap dutarçylar toparyny döredýär.Şol wagtlar Türkmenistanyň radio arhiwinde 17 sany halk sazlary şu güne çenli saklanyp gelinýär. Şol ýyllar ol Zähmet gahrymany, Saýra Bilbil, ýaly sazlary döredipdir.

Dabarynyň dowamynda Tugur Berdinyýazowyň ýakyn garyndaşy Rejep Berdinyýazow şol barada gyzykly gürrüňleri berdi.

Tugur Berdinyýazow milli aýdym-saz sungatymyzda bagşa sazandarlyk etmegiň ussady hökmünde giňden tanalýar. Dabaranyň dowamynda halypa mugallymlar, bagşylar Türkmenistanyň halk artistleri Ýolaman Nurymow, Amanöwez Saparow, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Baýmyrat Soltanow, uly mugallym Magtymguly Magtymgulyýew gyzykly gürrüňler we aýdym-saz çykyşlary bilen gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudow (1930-2011)
Ylmyusuly maslahat
Mary welaýatynda küşt boýunça birinjilik geçirildi
AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
YHG ýurtlarynyň Ýokary wezipeleri şahslary Aşgabatda ýüzbe-ýüz duşuşdylar
AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI