Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar

Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar

Ahyrzaman güni diýlip at berlen Tueýts buzlugy Antarktidada ýerleşýär. Onuň bu ýakymsyz ady ýumrulmak töwekgelçiligi hem-de deňiz suwunyň derejesiniň güýçli ýokarlanmak ähtimallygy bilen baglydyr.

Täze geçirilen barlaglar netijesinde Tueýtsiň ýerleşýän ýerinden süýşendigi belli boldy, alymlar onuň eremeginiň geljegini hem-de betbagtçylygyň ýüze çykjak wagtyny anyklamakçy bolýarlar.

Döräninden bäri geçen soňky iki ýüz ýylyň dowamynda buzluk deňziň düýbünden üzülipdir we ol indi her ýyl 2100 metr süýşýär.

Buzlugyň şeýle tiz eremegi geçen XX asyryň ortalarynda başlanan bolsa gerek diýip, alymlar çaklaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, häzir Tueýts buzlugy iň ahyrky güýjünde saklanýar, golaý geljekde onda düýpli özgerişlikler başlanyp biler.

Ylmy-barlaglaryň netijeleri Nature Geoscience žurnalynda çap edildi diýip, Gismeteo.ru saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: ýaşy 50-den geçýän adamlar üçin internet ulanmak peýdaly
Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar
Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Arktiki köller guraýar
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar