Türmeleriň töwereginde mobil aragatnaşygy kesilýär, ýaşaýjylar signal sowujylara yşarat edýär

Türmeleriň töwereginde mobil aragatnaşygy kesilýär, ýaşaýjylar signal sowujylara yşarat edýär

Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolan Altyn Asyr aragatnaşyk ulgamy sebitlerde ýerleşýän türmeleriň töwereginde işlemeýär, signal öçýär, anten ýitýär. Ýerli ýaşaýjylar bu ýagdaý bilen baglylykda türmelere oturdylan signal sowujylara yşarat edýärler.

Ýurduň sebitlerindäki azatlykdan mahrum ediş edaralarynda, şol sanda Baýramaly şäherinde we Daşoguz welaýatynda ýerleşýän türmeleriň töwereginde signal sowujy enjamlar mobil aragatnaşygyna päsgel berýär.

Baýramaly şäheriniň birnäçe ýaşaýjylary türmäniň deňinden geçeniňde mobil telefonlarynyň signalynyň öçýändigini, anten dişleriniň doly ýitýändigini aýdýarlar. Galyberse-de, türmeleriň deňinden geçilende diňe bir telefonlardaky signal ýitmeýär, eýsem, awtoulaglardaky radiolar hem işlemegi bes edýär, radio tolkunlaryny tutup bolmaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan baýramaly ýaşaýjylary sebitdäki türmede oturdylan signal sowujy enjamlaryň islendik tolkuny öçürmäge ukyplydygyny aýdýarlar.

“Tussaglar saklanylýan türmede oturdylan enjamlar islendik signaly öçürýär. Diňe bir Altyn Asyr aragatnaşygy däl, beýleki tolkunlara-da täsir edýär. Meselem, awtoulag bilen türmäniň deňinden geçeniňde, radio tolkunlaryna-da güýçli täsir edýär” diýip, bir baýramaly ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Jezalary ýerine ýetiriş edaralaryndan 1,5-2 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän obalarda we şäherçelerde mobil aragatnaşyk ulgamlary kadaly işlemeýär.

“Türmelerde saklanýan bendiler telefonda gepleşmez ýaly, tussag jaýlaryna signal sowujy enjamlary gurnaýarlar. Bu enjamlary maksimum kuwwatynda işledýärler we diňe bir tussaghananyň içinde däl, 2 kilometr aradaşlykda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary hem aragatnaşykda signal sowujylaryň döredýän päsgelçiliginden ejir çekýärler” diýip, beýleki bir baýramaly ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Ýakyn töwereginde jezalary ýerine ýetiriş edaralary, şol sanda azatlykdan mahrum ediş edaralary ýerleşýän obalar we şäherçeler ýurduň ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryndan kadaly peýdalanyp bilmeýärler.

2017-nji ýylda Baýramalydaky berk düzgünli (MR-K/16) türmesiniň çäginiň giňeldilendigi mälim boldy, türmäniň töwereginde täze baraklar peýda boldy.

Şeýle-de, ýurduň beýleki sebitlerinde, şol sanda Tejen, Seýdi, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem tussag jaýlary bar. Birnäçe ýyl mundan ozal, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň demirgazyk-gündogarynda ozalky hukuk goraýjylar üçin täze, döwrebap türmäniň gurlup ulanylmaga berilýändigi mälim bolupdy.

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän aýallar türmesiniň golaýynda hem birmeňzeş mobil aragatnaşyk päsgelçilikleri hasaba alynýar.

Bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýallar türmesiniň 1,5 kilometr töweregi golaýynda Altyn Asyr aragatnaşyk ulgamynyň işlemeýändigini, telefondaky signalyň öçýändigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy türmelerdäki signal sowujy enjamlar barada ýurduň içeri işler edaralaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda mobil aragatnaşyk ulgamynyň onsuz hem kadaly işlemezligi, mobil internet tizliginiň juda pes galmagy raýatlar üçin oňaýsyzlyk döredýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistan dünýäde türme ilatynyň köplüginde öňe saýlanýar. “World Prison Brief” neşiriniň toplan maglumatlaryna görä, Türkmenistanda her 100 müň adamdan 576 adam türmede saklanýar.

Möhüm baýramçylyklaryň dowamynda ýurtda ýüzlerçe bendi amnistiýa bilen tussaglykdan boşadylýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň çägindäki jezalary ýerine ýetiriş edaralaryny gorky guraly hökmünde ulanmakda tankyt edilýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen türmelerinde bendilere adamkärçiliksiz çemeleşilmegi, iş kesilenleriň gynamalara we rehimsiz daraşmalara sezewar edilmegi bilen bagly hadysalaryň hasaba alynmagy barada habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramalynyň türmesinde tussaglar adamkärçiliksiz daraşmalardan şikaýat edýär
Diňle: Baýramalynyň türmesinde tussaglar adamkärçiliksiz daraşmalardan şikaýat edýär
Baýramaly şäheriniň MR-K/16 koloniýasynda barlag geçirilýär
Türkmenistanda Nowruzyň hormatyna 2028 tussagyň günäsi geçildi
Türkmenistan täze türme jaýlaryny gurup, tussag orunlaryny köpeldýär
Tussaglaryň ýakynlary: günä geçişden eden umydymyz puç boldy