TÜRKSOÝ-yň kinofestiwalynda türkmen filmleri görkezilýär

Şu günler 2022-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ guramasynyň kinoforumy geçirilýär. Bu foruma Türkmenistandan hem wekiliýet gatnaşýar.

27-31-nji iýul aralygynda geçirilýän forumda Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Gyzyl kürte” (režissýory Sahysalyh Baýramow) hem-de “Istärin” (režissýor Arslan Eýeberdiýew) atly filmler türk kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilýär.

Şu ýyl Wepa Işangulyýewiň Nejep oglan atly çeper filminiň Gorkut ara türk dünýäsi kinofestiwalynda görkezilendigini bellemelidiris. Mundan başga-da, ýakyn wagtda “Oguzhan” adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Russiýanyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki kino önümçiligine bagyşlanan halkara maslahatyna, şeýle hem sentýabr aýynda Daşkent şäherinde “Ýüpek ýolunyň düri” atly halkara Daşkent kinofestiwalyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Türkmen filmleri halkara kinofestiwalyň baýraklaryna mynasyp boldy
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Serdar Berdimuhamedow Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Ýüzlenme iberdi