TÜRKSOÝ-nyň başlyklygy resmi taýdan Türkmenistana geçirildi

TÜRKSOÝ-nyň başlyklygy resmi taýdan Türkmenistana geçirildi

Şu gün, 16-njy maýda Türkmenistan TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO Milli toparlarynyň 10-njy mejlisinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň başlyklygyny resmi taýdan kabul etdi.

Aşgabatda bolan mejlisde başlyklyk Azerbaýjandan Türkmenistana geçdi. Bu barada HHM habar berýär.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa degişli nyşany gowşurdy. Çynar Rustemowa mundan beýläk Türkmenistanyň adyndan TÜRKSOÝ-a ýolbaşçylyk eder.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň başlyklygynyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejesinde türki medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek ugrundaky ygrarlydygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Aziz Sanjara Türk Dünýäsiniň Medeniýet lçisi Nyşany Gowşuryldy
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Aşgabatda Gorkut ata atly halkara kinofestiwal geçirilýär
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi