TÜRKSOÝ Magtymgula bagyşlanan düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

TÜRKSOÝ Magtymgula bagyşlanan düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Pyragy — şahyr we akyldar ady bilen yglan edilen düzme ýazmak bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşik türki dilli edebiýatyň iň görnükli wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyldy.

2024-nji ýylyň mart aýynda ýokarda agzalan ýurtlaryň Bilim ministrlikleri bilen hyzmatdaşlykda yglan edilen bäsleşikde şu aşakdaky gatnaşyjylar baýrakly orunlara mynasyp boldular diýip, gurama habar berýär.

Türkmenistan

1. Gülendam Rahymowa

2. Mährijemal Begjanowa

3. Tumar Aşyrowa

Azerbaýjan

1. Fidan Kerimli

2. Humar Mammadowa

3. Nezrin Gesenli

Gazagystan

1. Alimjan Dulat

2. Akerke Jantaskyzy

3. Aýkýorkem Turlygazy

Gyrgyzystan

1. Akylaý Melisowa

2. Gýubara Sowetbekowa

3. Elzana Mirlanowa

Özbegistan

1. Bahtiýorowa Şahzoda

2. Rahmiddinow Nodirjon

3.Togabekowa Madina

Türkiýe

1. Betýul Dýuriýe Aktaş

2. Asude Koru

3. Fatmanur Ogýut

Ýene degişli makalalar

Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwala taýýarlyk görülýär
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi