Türksat 6A Üstünlik Bilen Atyldy

Türksat 6A Üstünlik Bilen Atyldy

Türk inženerleri tarapyndan öndürilen “Türksat 6A” howa şertleri sebäpli Türkiýe wagty bilen sagat 02.30 “Speýs X” firmasyna degişli “Falkon 9” raketasy blen atyş desgasyndan älem giňişligine ugradyldy.

Ýarym sagat soň raketadan aýrylan “Türksat 6A-dan” 67-nji minutda ilkinji signal alyndy.

42 gradus gündogar uzynlygyndaky orbitasyna tarap hereket edýän “Türksat 6A” bir aý dowm etjek synaglardan soň işe girişer.

Dünýäden 35,786 kilometr alysda ornaşjak “Türksat 6A” 20 sany “Ku Band” geçiriji bilen işlär. Agramy 4,299 kilograma barabar bolan emeli hemra hyzmat ediş sferasy Hindistany, Taýlandy, Malaýziýany we İndoneziýany öz içine aljak görnüşde giňeler.

Emeli hemranyň işe girişmeginden soň Türkiýe öz aragatnaşyk hemralary bilen dünýäniň ilatyyň 65 göterimden gowragyna elýeterli bolar. Türkiýäniň hemralaryna elýeterli bolan ilat sany 3,5 milliarddan 5 milliarda ýeter.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýa Gözegçilik Hemrasyny Planeta Uçurdy
Emeli adada aeroport gurulýar
Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen Tomusky uniwersitet taslamasyna gatnaşdylar
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşdy
Ýewropada emeli aň hakyndaky kanun kabul edildi
Emeli gözelleriň bäsleşigi