“Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýan meşhur dilçi alym Wasiliý Radlow

“Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýan meşhur dilçi alym Wasiliý Radlow

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda türk dil bilimiň esaslandyryjysy, türkologlaryň arasynda “Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýan meşhur dilçi alym Wasiliý Radlow hakynda maglumat bermekçi.

Türkologiýa diýlende we esasanda türki dialektologiýanyň esalandyryjysy diýlende ýada ilkinji nobatda Wasiliý Radlow düşýär.Döwrebap türkologiýa ylymynyň esaslandyrylmagyna öňbaşçylyk eden Fridrih Wilhelm Radlow, türki dünýä eden hyzmatlary mynasybetli “Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýar.

Radlow, 1837-nji ýylda Berlinde polis gullukçysynyň maşgalasynda dünýä inýär. 1854-nji ýylda Berlin uniwersitetinde pelsepe fakultetinde okamaga başlaýar.Pelsepäniň ýany bilen dilçilik bilen hem gyzyklanmaga başlaýar we tanymal dilçi alymlaryň derslerine we ylmy konferensiýalaryna gatnaşýar.

Onuň dilen bolan gyzyklanmasy ibrani, arap, pars, hytaý we mançur dili bolan gündogar dillerine çenli giňeýär.Radlowyň gündogar dillerinde bilermen bolmagynda nemes alymy Skottyň täsiri uludyr.Ondan mongolça, tatarça, manju dilinden we hytaýça dersler alýar. Şol sebäpli rus dilini öwrenmäge başlaýar. 1858-nji ýylda Ýena uniwersitetinde doktyrlyk derejesini alýar we şol ýyl Russiýa gidýär.

Peterburg uniwersitetinde synaga girip, mugallymçylyk diplomuny alýar we Barnaul şäherindäki mekdeplerden birine mugallymçylyga bellenýär.

Russiýa göçen Radlow, türki taýpalaryň dili, taryhy, floklory we etnografiýasy bilen ýakyndan gyzyklanmaga başlaýar.Radlowyň esasy ylmy barlaglary heniz 22 ýaşynda Sibire eden ekspediýasy we ol ýerde 12 ýyl ýaşamagy bilen başlaýar.

Gyş aýlarynda mugallymçylyk edýär, tomus bolsa Sibirde we Türküstanda ýaşaýan dürli türki taýpalaryň arasynda syýahat edip, dil we medeniýet bilen bagly çeşmeleri bellige alypdyr.Radlow eden ekspediýalarynda türki dili, halk edebiýaty, folklor, arheologiýa, hasabat we ykdysady ugurlar boýunça materiallary ýygnapdyr.

Türki halklary ýakyndan tanaýandygyny 1866-njy ýylda çap eden “Türki taýpalardaky Halk edebiýatynyň meseleleri” atly ilkinji eseriniň girişinde beren düşündirişinden öwrenmek bolýar. Şol girişde türki taýpalary şeýle analiz edýär: “Ýer ýüzündäki diller maşgalasynyň hiç haýsysy türkiçe ýaly giň sebitlere ýaýran däldir.

Afrikanyň demirgazyk-gündogar sebitinden Türkiýä we Russiýanyň günorta-gündogaryndan Sibiriň günortasyna we Gobi çölüniň merkezlerine çenli türkiçe gepleşýän halklar ýaşaýar.Olaryň esasy bölegi musulmanlygy ykrar edenden soň beýleki milletleriň we esasan-da dindeşleri bolan araplaryň we parslaryň täsirinde galypdyrlar. Şol täsiri esasan-da edebi eserlerden görmek mümkin.

Olar, diňe dillerine bap gelmeýän arap hatyna geçmek bilen çäklenmän, ýazuw dillerinden müňlerçe sözi alyp, şeýle ýazuw dilini döredipdirler welin, ol üstünde reňbe-reň ýamagy bolan göýnege meňzeýär. Şol ýazuw dili, tebigy ýagdaýda türki halklar üçin düşnüşkiz halkadan ybarat bolup, halkyň medeni derejesini beýgeltmegiň ýerine halk medeniýetiniň täze kökleri bilen beslenmändigi üçin oňa ýaramaz täsir ýetirýärdi.”

Radlowyň Russiýadaky durmuşy we ylmy işleri Altaý, Gazan we Peterburg görnüşinde üçe bölünýär.Birinji döwür 1859-1871-nji ýyllaryň aralygynda Altaýda we Günbatar Sibirde ýaşaýan türki halklaryň dili, etnografiýasy we folklory boýunça materiallary ýygnaýar.

Gündogar gyrgyz sähralarynda, Hakasiýada, Ýedisuw sebitlerinde ylmy barlaglar geçirýär. 1871-1884-nji ýyllaryň aralygynda Gazan döwründe pedagogiki we adminstratiw işler bilen meşgullanýar. 1884-1918-nji ýyllaryň aralgyndaky Peterburg döwründe bolsa Aziýa halklarynyň taryhy we edebiýaty bilen “ordinarius akademik” derejesini almagy bilen başlaýar.

Türkologiýa ylmyna goşan saldamly goşantlaryndan biri hem runiki ýazuw ýadygärliklerini tapandan soň 1891-nji ýylda Radlowuň ýolbaşçylgyndaky toparyň Mongoliýa baryp ylmy barlaglar geçirmegidir. Şol ýyllarda üstünde işlän “Kodeks Kumanikus”, “Kutadgu Bilig” ýaly naýbaşy eserler üçin uly zähmet çekýär.

Esasy eseri bolsa 1888-nji ýylda çap edilen “Türki dialektleriň sözlügidir”.Radlow uýgur golýazmalary we eserleri hem ýakyndan gyzyklanypdyr hem-de köp sanly iş ýazypdyr.Radlow bir tarapdan ylmy işler beýleki tarapdan-da ýolbaşçy wezipelerde işläpdir. 1885-1890-njy ýyllarda Ylymlar Akademiýasynda Aziýa muzeýi bilen 1894-1918-nji ýyllaryň aralygynda Antropoliýa we Etnografiýa muzeýinde müdir bolup işleýär.

Russiýanyň Geografiýa jemgyýetiniň, Sibiri öwreniş jemgyýetiniň, Russiýanyň Arheologiýa jemgyýetiniň işjeň agzasy bolupdyr.Radlowyň makalalaryndan we syýahat belliklerinden daşgary jemi 20 sany uly göwrümli çap edilýär. 1918-nji ýylda Peterburgda dünýeden öten Radlowyň türkologiýada öňbaşçydygyna onuň goýup giden: “Men ömrüm boýunça täze bir ylmyň, türkologiýanyň döredilişini we ösüşini başdan geçirdim. Ömrüm boýunça bu ulma goşant goşdum. Şol sebäpli meniň ylmy işlerim başgalaryň kömegine zerurlyk duýýan bu ylmyň tamamlanmagy we türkologiýanyň dowam etmegi üçin basgançakdan başga many aňlatmaz” diýen sözleri şaýatlyk edýär.

Wasiliý Radlow türki dünýäni ähli taraplaýyn öwrenen, türkologiýanyň taryhynda täze sahypaaçan we 81 ýyllyk ömrüniň 60 ýylyny şol işlere bagşeden türkolog hökmünde taryhyň altyn sahypalarynda mynasyp orun eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Fuýu Türkçesi
'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'
Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi öwreniler
Altaý Türkçesi
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti