2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap, daşary döwletleriň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek çäk degişliligi Türkmenawtoulaglary agentliginiň Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasynyň bölümleri, ýagny Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Rugsatnamalar we resminamalary seljeriş bölümi, sebitlerde bolsa Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlary boýunça ulaggözegçilik bölümleri, şeýle hem, Özbegistan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalarynyň rugsatnamalaryny bermek hem-de resmileşdirmek bolsa Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki ulaggözegçiligi gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
Bu barada Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek Türkmenbaşy halkara deňiz porty gözegçilik-geçiriş ýerinden beýleki nokatlara (Artyk, Howdan, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Gazojak, Farap, Ymamanazar, Tallymerjen hem-de Serhetabat) awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden çykmak we girmek Azerbaýjan Respublikasynyň üsti bilen gelýän ýük awtoulag serişdeleriniň daşaýjylaryna çäk degişliligi boýunça Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasynyň degişli bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar diýlip, habarda bellenilýär.