Facebook sosial ulgamyndan alnan fotosurat
“Türkmentelekom” döwlet aragatnaşyk operatory “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň myhmanlaryny ýokary hilli häzirki zaman internet-hyzmatlary, ýerli telefon aragatnaşygy hyzmatlary, öýjükli telefon aragatnaşygy, telekanallaryň alyp görkezişi, şeýle-de WI-FI hyzmatlary bilen üpjün eder, munuň üçin Olimpiýa şäherçesinde zerur enjamlar oturdyldy.
Bu barada döwlet habar gullugy ТДХ habar berýär.
Käbir sportsmenler eýýäm Türkmenistanda adaty adamlar üçin baglangy Facebook sosial ulgamy arkaly habar ýazmaga başlady. Şeýle-de sosial ulgamlar (VK, Odnoklassniki we beýlekiler), messenjerler (whatsapp, telegram, viber we beýlekiler), ýurduň hökümeti barada tankydy habarlary çap edýän saýtlar (şol sanda “Türkmenistanyň Hronikasy”) ýerli ilat üçin ýa elýeterli däl, ýa-da kesilen.
Türkmenistan dünýäde internete baglanamagyň iň haýal we gymmat ýurtlarynyň biri bolup durýar.