Türkmentel — 2024 atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahaty geçiriler

14 — 16-njy noýabr aralygynda Türkmentel — 2024 atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahaty geçiriler.

Foruma birnäçe halkara guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara sergä bolsa daşary ýurtly we ýerli kompaniýalaryň 60-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenaragatnaşyk agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde Poçta ulgamyndaky sanly geçiş atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde Sanly çözgüt — 2024 atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Bu barada 1-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmentel — 2024 forumyna 150-den gowrak kompaniýanyň wekili gatnaşar
Türkmentel2024 atly Halkara sergi we ylmy maslahat
Bütindünýä internet tory näçe energiýa sarp edýär?
UNITE studiýasy dizaýn hyzmatlaryna 30% arzanladyş yglan edýär
BAE-de altyn bilen poçta markasy çykaryldy