
Türkmenistanda ikinji aragatnaşyk hemrasy boýunça taslamanyň üstünde işlenilýär diýip, Türkmen hemrasy ÝGPJ-niň direktory Batyr Orazdurdyýew Türkmentel—2022 Halkara maslahatynyň dowamynda mälim etdi.
Orazdurdyýew bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna goşulandygyny aýtdy.
TürkmenÄlem 52°E aragatnaşyk hemrasy 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Kanaweral burnundaky kosmodromdan Falcon 9 amerikan raketasy bilen orbitada uçuryldy. Onuň hyzmat möhleti 15 ýyl bolup durýar. Hemra Thales Alenia Space fransuz-italýan kompaniýasy tarapyndan öndürildi.