24-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel-2020” atly ХIII halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda bu maslahaty “Türkmenaragatnaşyk” agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.
Dünýäde halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, maslahat adaty hem-de onlaýn ýagdaýynda Aşgabatdan onlarça ýurtlara alnyp berilýär.
21 ýurtdan 300 wekil
Şu ýyl foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 21 ýurdundan spikerleriň 30-dan gowragy hem-de wekilleriň 300-e golaý bellige alyndy. Olaryň hatarynda Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Kipriň, Maldiwleriň, Monakonyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Özbegistanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bar.
Ýurdumyzyň öňden gelýän we hemişelik hyzmatdaşlygynyň hatarynda aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar hasaplanylýan “NOKIA”, “HUAWEI”, “Test Investment Сo”, “SSI Monaсo”, “Thales”, Afnhan Wireless”, “Airbus”, “Delta Teleсom Ltd”, “Rosteleсom”, “Fastwind”, “Azerteleсom” we beýlekiler bar.
Diňe bir işewürler toparlary däl, eýsem, bu ulgamdaky hünärmenler, esasy alymlar we bilermenler uly gyzyklanma bildirdiler.
“Türkmentel-2020” forumynyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Oňa hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň aragatnaşyk ulgamynyň işgärlerine hem-de forumyň myhmanlaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.Gutlagda: “Häzirki döwürde biz döwletimizde dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys.
Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşygy, maddy-tehniki hem-de hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris” diýlip bellenilýär.
Umumy mejlis Türkmenistanda innowasion, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşine bagyşlandy. Dünýäniň tejribesi, dolandyryşyň ösüşi we häzirki zaman ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de maglumat gatnaşyklarynyň ýokary hilini üpün eldýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň Türkmen döwletiniň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda wajyp maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýändigi bellenildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt özleşdirmegi, şeýle hem kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns bermegi talap edýär. Kommunikasion pudagyň geljegi internet platformalar, bulutly serwisler, 5G ulgamyna, Big Data tehnologiýasyna geçmek, ykjam maliýe ýaly we beýleki düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Urumçydan Franktfurta çenli
Ýurdumyzy boýdan-başa iň döwrebap optiki-süýümli ulgamlar kesip geçýär. Ýerli telefon nokatlarynyň sanynyň artmagy halkara we şäherara aragatnaşyk ýaýlymlarynyň artmagyna getirdi. Türkmenistanyň çägi boýunça umumy uzynlygy 27 müň kilometre barabar bolan Trans-Aziýa-Ýewropa optiki-süýümli ulgamyň Hytaýyň Urumçy şäherinden Germanýanyň Franktfurt şäherine çenli 708 kilometrlik böleginiň geçýändigi möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda esasy optiki-süýümli ulgamlaryň ikisi—Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Daşoguz-Aşgabat halkalaýyn hem-de Garabogaz-Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Kerki-Ymamnazar ulgamlary hereket edýär. Olar goňşy döwletleriň ulgamlaryna sepleşýär. Olary gurmagyň taslamalary DWDM (Dense Wavelength Diyision Multepleхing—dykyz tolkunlaýyn multipleksirleme) tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyryldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlarynyň bäşisini özüne birikdirýär, olar Aşgabat-Bajygyran (Eýran), Serhetabat-Hyrat (Owganystan), Ymamnazar-Akina (Owganystan), Türkmenabat-Buhara (Özbegistan) we Garabogaz-Fetisow (Gazagystan) aragatnaşyk ulgamlary bolup durýar.
Şeýle hem, Serhetabat-Turgundy (Owganystan) we Kerki-Akina (Owganystan) ugurlary boýunça goşmaça optiki-süýümli halkara birikmesiniň gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Halkara aragatnaşyk ulgamlary gurlar
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagy, eýelik etmegi hem-de ulanmagy guramak baradaky ylalaşyga gol çekildi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenbaşy hem-de Siýazan şäherlerini birleşdirer we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda hem-de kämilleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrar
Ol Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, GSM assosiasiýasynyň, Sanlary we Domen atlary berkitmek boýunça Internet korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolup, bu guramalar bilen uzakmöhletleýin işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Kiber howplara garşy goraglylyk üpjün edilýär
Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Onuň işi özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Maslahatda türkmen tarapy bu hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda umumy mejlisde Halkara elektron aragatnaşyk birleşiginiň Baş sekretary Haulin Çžao, Aragatnaşyk ulgamynda Sebit arkalaşygynyň baş direktory Nurudin Muhitdinow, Ýewropa telekommunikasiýalar standartlar institutynyň baş direktory Luis Žorž Romero (ETSI), Azerbaýjanyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministriniň orunbasary we beýlekiler çykyş etdiler.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly-kompýuter ulgamlarynyň jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrülendigi nygtaldy.
5G tehnologiýalarynyň geljegi uly
Şeýle hem daşary ýurtly bilermenleriň aragatnaşyk boýunça sebit birleşmesine agza ýurtlarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşiniň täze ugurlary baradaky çykyşlary diňlenildi. GDA döwletlerinde 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň geljegine uly üns berildi. Ol tutuş dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly täsir edýär.
Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň çäklerinde ösüşiň geljegi, onuň GDA sebiti üçin bölüminiň işi, Bütindünýä poçta birleşiginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti üçin meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, Aragatnaşyk boýunça sebit birleşmesiniň agza ýurtlarynyň sanly bazaryny kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň ýagdaýy, geljegi barada maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, hemra kommunikasion tehnologiýalary we maksatnamalaýyn önümleriň bazary, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşarlar hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň usullaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitlärler.
Şu gün Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel-2020” atly ХIII halkara onlaýn maslahaty öz işini dowam eder.
The post “Türkmentel-2020”: telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar appeared first on Zaman Türkmenistan.