Türkmenistanda Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny akkreditasiýadan we gözegçilik barlaglaryndan geçirmek işleri alnyp barlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Wise-premýeriň hasabatynda maglumat berilmegine görä, halkara ülňülere laýyklykda geçiriljek çäreler bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de onuň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmegine gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatyň netijelerini jemläp, hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldady we bu barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.