Ozal habar berşimi ýaly, Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölüminiň işgärleri hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen Programma üpjünçiliginiň goragy boýunça okuw sapaklaryny geçmek üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän EDOXI TRAINING INSTITUTE okuw merkezinde saparda boldular.
Malaýziýanyň Serba dinamik Sdn.Bhd kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bilen baglaşylan şertnama esasynda guralan okuw sapary üstünlikli tamamlandy.Oňa laýyklykda, Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölüminiň işgärlerine ETHICAL HACKING V12 şahadatnamalary berildi.
Okuw saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzlalary Dubaý şäherinde ýerleşýän Microsoft we Google kompaniýalarynyň iş ýerlerine hem baryp gördüler. Ol ýerde türkmen hünärmenleri dünýä belli abraýly kompaniýalaryň programma üpjünçiliginiň goragy babatda ýeten derejesi bilen ýakyndan tanyşdylar hem-de bu kompaniýalarda ulanylýan öňdebaryjy usullary Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler.