Şu gün 20-nji maýda Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň arasynda yglan edilen Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň iň gowy internet web saýty atly bäsleşigiň jemleýji çäresi geçirildi.
Emin agzalaryň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, bäsleşigiň Gran Pri baş baýragyna Türkmenportal habarlar saýty mynasyp bolup, Hormat haty we 42-lik Tolkun telewizory bilen sylaglandy.
Bäsleşik aşakdaky tertipde jemlenildi:
I ýer Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň web sahypasy;
II ýer Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Milligoşun žurnalynyň web sahypasy;
III ýer Ashgabat.in web sahypasy.
Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan gymmat bahalay sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşýan saýtlar Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy, onuň taryhy we ähmiýeti bilen baglanşykly ýörite taýýarlanan suratlary, gutlag suratlary (otkrytkalary), wideolary, wideo şekilleri, habarlary, makalalary, aýdymdyr sazlary we döredijilik eserlerini “Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine” diýen ýazgy bilen öz internet web saýtlarynda ýerleşdirdiler.
Türkmenportal web saýtynyň bäsleşige hödürlän işleri:
Makalalar toplumy
Suratlar:
Aşgabadyň ozalky görnüşinden suratlar
Fotoreportaž: Aşgabada-140 ýyl
Wideolar:
"Mir 24" teleýaýlymy türkmen figuralaýyn typyjylarynyň Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlygy barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmen teatr sungaty atly bäsleşik geçirýär
"Mir-24" teleýaýlymy Aşgabadyň 140-ýyllyk baýramçylygyna taýýarlygy barada gürrüň berdi