Türkmenpoçtanyň Marydaky ýük bölümi ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär

Türkmenpoçtanyň Marydaky ýük bölümi ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabatdaky bölümi bilen birlikde, Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde hem ýük bölümi hereket edýär.

Mary şäherindäki demir ýol menzilinde ýerleşýän sebitleýin ýük bölümi her gün Türkmenistanyň ähli ýerlerine dürli ululykdaky we agramdaky ýollamalary hem-de ýükleri iberýär. Şu ýerde hem polat ýolunyň üsti bilen welaýata getirilen ýükler kabul edilýär.

Müşderilere, şol sanda raýatlara, guramalara, kärhanalara, kompaniýalara iberilen ýükleriň howpsuzlygy we bir günüň dowamynda eltilip berilmegi kepillendirilýär.

Ýükleri ibermek üçin müşderiler şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny (pasport) görkezmeli we habarlaşmak üçin telefon belgisini bermeli. Alyjy hem ýük alynýan wagtynda öz pasportyny görkezýär.

Türkmenpoçtanyň bu bölümi ýüküň eltilendigi barada alyja öz wagtynda habar berýär. Goşmaça töleg bilen ony Marydaky müşderiniň salgysyna gönüden-göni eltip bermek hyzmatyndan hem peýdalanmak mümkindir.

Türkmenpoçtanyň Marydaky ýük bölüminiň salgysy: Mary şäheriniň demir ýol menzili.

Telefon belgisi: 8 005 22 6 32 16.

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň we onuň ýük bölümleriniň işi barada has anyk maglumatlar bilen kompaniýanyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan
Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
Türkmenpoçta Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär
PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler
Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri
Türkmenpoçta: ýükleri Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly we çalt eltip bermek